Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň delegasiýasy Aşgabatda demirýol proýektini maslahatlaşdy


Penşenbe güni Gazagystanyň transport we kommunikasiýa ministri Askar Jumagalyýewiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistanyň Demirýol transporty ministrliginde gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde, esasan, Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demirýolunyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu göz öňünde tutulýan demirýol liniýasy “Demirgazyk-Günorta” döwletlerara transport korridorynyň bir bölegi bolmaly.

Bu gürrüňi edilýän transport korridory geljekde Gündogar Ýewropa ýurtlaryny, Orsýeti we Merkezi Aziýa ýurtlaryny göni transport ýollary arkaly Pars aýlagy regiony bilen baglanyşdyrmaly.
XS
SM
MD
LG