Sepleriň elýeterliligi

Danalaryň pikirine bäş bent


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat

Samsyk adamyňky şowuna bolýar...
O pikire “hä” diýesim gelenok.
Şowunamy? Diýmek, kemakyl däldir,
Ony düşündirjek akyldaram ýok.

Henrik Ýagodzinskiý, polýak satirigi.

***

Bardy-geldi mertebäňi ýitirseň,
Gara ýer ýumruklap, saçyň tüýtme sen.
Ozüňi şeýle bir bigam alyp bar,
Hiç kim ýitgi seňkidirem öýtmesin.

Mihail Žwaneskiý, rus ýazyjysy.


***

Ýalanyň niýeti ýagşylyk bolsa
Oňa kesek atmaň, düşünjek kändir.
Ýöne kim söýgüde ýalan sözlese,
Walla, ýigrenje-de mynasyp däldir!

Fransuz nakyly.

***

Elli ýaşym bilen gutlama, inim:
Çagakam bererdi ejem bir manat,
Aýalym bir manat eçilýä indem,
Aýt, elli ýaşanym çynmy ýa galat?

Arap Gurbanow, türkmen ýazyjysy.

***

“Samsyk” diýp gör dana kişä bir sapar,
Ol gaýdyp hiç haçan gözüňe ilmez.
Eger-de samsyga akylly diýseň,
Her näçe kowaý sen – yzyňdan galmaz.

Türkmen halk pähiminden
XS
SM
MD
LG