Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýa ähli jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekilmegini gadagan etdi


Anna güni Bolgariýada ähli jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekilmegini gadagan edýän kanun güýje girdi. Bolgariýa çilim çekmekligiň derejesi boýunça Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Gresiýadan soň ikinji orunda durýar.

Bu täze kanun ähli ýapyk jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda, iş ýerlerinde, ähli barlarda, kafelerde, restoranlarda, stadionlaryň içinde, şeýle hem mekdepleriň we çagalar baglarynyň töwereklerinde çilim çekilmegini gadagan edýär.

Bu düzgüni bozan her bir adama 500 lewa, ýagny 316 dollar möçberinde jerime göz öňünde tutulýar. Barlarda ýa-da restoranlarda çilim çekilmegine rugsat berendigi üçin, bu binalaryň eýelerine 5 müň lewa, ýagny 3 müň 165 dollar möçberinde jerime salnar.
XS
SM
MD
LG