Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mihail Prohorow Moskwanyň meri bolmak ugrunda bäsleşmekçi


Anna güni orsýetli tanymal milliarder Mihail Prohorowyň syýasy egindeşleri Prohorowyň Moskwanyň meri bolmak ugrunda bäsleşmek planynyň bardygyny mälim etdiler.

Şu ýylyň mart aýynda Orsýetde geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Mihail Prohorow sesleriň sany boýunça üçünji ýerde bolupdy.

Ýöne Mihail Prohorow Moskwanyň merligine dalaş etmek meselesi barada heniz anyk resmi beýanat bilen çykyş etmedi.

Orsýetiň “Kommersant” gazeti onuň bu mesele boýunça şu geljek hepdäniň duşenbe güni ýörite metbugat konferensiýasyny geçirmeginiň we beýanat bilen çykyş etmeginiň mümkindigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG