Sepleriň elýeterliligi

Halkara Çagalar güni bellendi


Türkmenistanda ýaş nesliň goralmagy 2002-nji ýylda kabul edilen “Çagalaryň hukuklarynyň goralmagy baradaky” kanunda hem kepillendirilýär.

Türkmenistanda ýaş nesliň goralmagy 2002-nji ýylda kabul edilen “Çagalaryň hukuklarynyň goralmagy baradaky” kanunda hem kepillendirilýär.

Türkmenistanda Halkara Çagalar güni döwlet tarapyndan gurnalan dabaraly çäreler bilen bellendi. Türkmenstanyň hökümeti çagalar we olaryň geljegi boýunça aladalaryň döwlet syýasatynyň we milli ösüşiň esasy ugurlarydygyny aýdýar.

Ýurtda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek üçin çäreleriň hem görülýänligi aýdylýar.

Emma tomusky dynç alyş döwrüniň başlanmagy bilen gazanç edýän çagalaryň sanynyň köpelýänligini Türkmenistanyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Şeýle çagalaryň şäherlerde köplenç bazarlarda ýük daşamak ýaly işleri edip, gazanç edýänligini, obalarda bolsa hakyna ýer işläp, mal bakýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbedeş bolan käbir ýaşaýjylar şeýle çagalar agyr işlere gazanç etmek üçin däl-de, keýpine baş goşýarlar diýip pikir edýändiklerini aýdýarlar. Emma köp synçylar çagalaryň agyr işlerde işlemeginiň ilatyň durmuş derejesiniň pesliginden habar berýänligini we çagalar üçin howply ýagdaý döredýänligini aýdýarlar.

“Türkmenistanda ynsan hukuklary we demokratiýa ugrunda” atly jemgýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy, käri boýunça mugallym Anatoliý Fomin çagalaryň agyr işlerde işlemegi bilen bagly problemanyň ýurduň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edip gelýänligine ünsi çekýär.

“Bazarlary alyp görsek, ol ýerde her hili adam bar, hapaçylyk, ýaramaz wakalar hem ýüze çykýar. Jenaýatçylyk we neşekeşlik hem şeýle ýerden başlanýar” diýip, Fomin aýdýar. “Bu ýagdaý çagalaryň saglygyna hem howp salýar. Haýsy bir çaga dynç almagyň ýa sporta gatnaşmagyň ýerine agyr işde meýletin islemek islär? Olar köplenç ene-atalaryna kömek etmäge mejbur bolýarlar. Ene-atalar gurply bolsa öz çagalaryny agyr işe mejbur etmez. Adamlary muňa ýurtdaky ýagdaý iterýär”.

Fomin türkmen hökümeti çagalaryň ýagdaýyny hakykatdanam gowulandyrmak üçin çagalaryň bikanun işledilmegi bilen bagly wakalara üns bermeli we şunuň bilen bilelikde ilatyň sosial-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak üçin düýpli çäre görmeli diýip hasap edýär.

Türkmenistanda çagalaryň işledilmegi bikanun. 2005-nji ýylda kabul edilen “Ýaşlaryň zähmet hukugy baradaky kanunda” 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň işe alynmagynyň gadagandygy aýdylýar. Resmi maglumatlara görä, bu kanun çagalaryň ykdysady taýdan ulanylmagynyň, çagalaryň saglygyna howp salynmagynyň, olaryň bilim almaklaryna päsgel berilmeginiň, beden, aň ýa ruhy taýdan ösüşine we wyždan azatlygynyň berjaý edilmegine zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaly.

Ýaş nesliň goralmagy 2002-nji ýylda kabul edilen “Çagalaryň hukuklarynyň goralmagy baradaky” kanunda hem kepillendirilýär.

Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara borçnamalary hem bar. 1994-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň “Çaganyň hukugy baradaky” Konwensiýasyna goşuldy.
XS
SM
MD
LG