Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hosni Mubärek ömürlik tussaglyga höküm edildi


Sud Hosni Mubäregi parahat protestçileriň öldürilmegine dahyllylykda günäli tapdy.
Sud Hosni Mubäregi parahat protestçileriň öldürilmegine dahyllylykda günäli tapdy.
Şenbe güni Müsüriň sudy ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Hosni Mubäregi ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Sud ony parahat protestçileriň öldürilmegine dahyllylykda günäli tapdy.

Suduň sudýasy Ahmed Rafaat öz hökümini yglan edip, şeýle diýdi:
“Sud aýyplanýanlaryň hemmesine ýüzbe-ýüz ýagdaýda öz hökümini yglan etdi, diňe aýyplanýanlardan ikinjisine gaýybana ýagdaýda höküm çykaryldy. Ilkinji nobatda: Muhammad Hosni al-Saýýid Mubäregi adamlaryň öldürilmegine dahyllylykda eden hereketleri üçin ömürlik tussaglygy bilen jezalandyrmaly”.

Sud Müsüriň ozalky içeri işler ministri Habib al-Adlyny hem hut şular ýaly jenaýatda aýyplap, ony-da ömürlik tussaglyga höküm etdi.

Aklananlar hem boldy

Müsüriň sudy Hosni Mubäregiň ogullary Alaa bilen Gamala korrupsiýada bildirilýän aýyplamalarda ýeterlik esasyň ýoklugyna salgylanyp, bu aýyplamalary ýatyrdy. Mundan daşary, sud ozalky polisiýa ofiserleriniň-de altysyny günäsiz diýip, aklady.

Hosni Mubäregiň işi boýunça sud diňlenişigi telewideniýe arkaly göni efirde görkezildi. Kair, 2-nji iýun, 2012.
Hosni Mubäregiň işi boýunça sud diňlenişigi telewideniýe arkaly göni efirde görkezildi. Kair, 2-nji iýun, 2012.
Müsüriň ozalky lideri Hosni Mubärek bu sud prosesine inwalidleriň tigirli krowatynda ýatan halda getirildi. Ol suduň yglan eden hökümine gözi äýnekli ýatan ýerinden aýratyn bir reaksiýa bildirmedi.

2011-nji ýylyň başynda Hosni Mubäregiň režimine garşy protest bildirilip geçirilen demonstrasiýalaryň dowamynda hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde 850 töweregi adam öldürilipdi. 18 gün dowam eden şol demonstrasiýalaryň netijesinde, ahyrsoňy, Hosni Mubärek öz wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy.

Höküm nägilelikleri-de döretdi

Şenbe güni telewideniýe arkaly göni efirde suduň yglan eden hökümleriniň yzy bilen, Hosni Mubäregiň tarapdarlary oňa garşy çykarylan höküme nägilelik bildirip, muny ýazgaryjy şygarlary gygyryşdylar.

Suduň binasynyň daşyna üýşen ýüzlerçe protestçi Hosni Mubäregiň ogullaryna bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyna protest bildirip, muňa garşy çykyş etdi.
Suduň binasynyň daşyna üýşen ýüzlerçe protestçi Hosni Mubäregiň ogullaryna bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyna protest bildirip, muňa garşy çykyş etdi.
Suduň binasynyň daşyna üýşen ýüzlerçe protestçiler bolsa, Hosni Mubäregiň ogullaryna bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyna protest bildirip, muňa garşy çykyş etdiler.

Suduň höküminiň yzy bilen, Kairiň polisiýa akademiýasynyň öňündäki protestçileri dargytmak üçin, polisiýa güýçleri göz ýaşardyjy gazlary ulandylar.

Müsüriň prokuraturasy indi Hosni Mubäregiň ogullaryna maliýe biržalarynda galplyklary amala aşyranlykda bildirilýän başga aýyplamalar boýunça sud diňlenişiginiň geçiriljekdigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG