Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan tragediýasynda aýyplanýan seržanta ýene aýyplama goşuldy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň harby geňeşi şu ýylyň martynda Owganystanda parahat ýaşaýjylary öldürmekde aýyplanýan amerikan seržanty Robert Beýlese garşy bildirilýän jenaýat aýyplamasynyň üstüne ýene täze aýyplamanyň goşulandygyny mälim etdi.

Seržant Beýlesiň goşuna alnan ýeri bolan Siettl ştatyndaky Lewis-MkHord adyndaky goşun bölüminiň metbugat sekretary, polkownik Geri Deýnjerfild seržant Beýlese kanun taýdan gadagan steroid neşe maddasyny we alkogol içgisini ulananlykda-da goşmaça aýyplamanyň bildirilýändigini aýtdy.

Amerikan goşunlarynyň seržanty Robert Beýles şu ýylyň 11-nji martynda Owganystanyň Kandagar welaýatyndaky iki sany obada 16 sany ýerli ýaşaýjyny atyp öldürmekde aýyplanyp, tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG