Sepleriň elýeterliligi

Hugo Çawez prezidentlik saýlawlary üçin arzasyny berdi


Anna güni Wenesuelanyň awtoritar prezidenti Hugo Çawez şu ýylyň oktýabrynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmek üçin saýlaw komissiýasyna öz arzasyny tabşyrdy.

Wenesuelanyň Milli saýlaw geňeşi Hugo Çaweziň prezidentlik üçin dalaş etmek baradaky zerur dokumentleriniň anna güni resmi ýagdaýda kabul edilendigini mälim etdi.

Saýlaw geňeşiniň aýtmagyna görä, Hugo Çawezden daşary şu günki güne çenli ýene bäş adam prezidentlige dalaş etmek üçin özüni hasaba aldyrdypdyr.

Hugo Çawez soňky wagtlar rak keselinden bejergi alyp gelýändigine garamazdan, döwlete ýene bir tapgyr liderlik etmäge taýýardygyny nygtap gelýär.
XS
SM
MD
LG