Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň pilotsyz uçary Pakistanda iki söweşijini öldürdi


Şenbe güni Pakistanyň Milli howpsuzlyk güýçleriniň resmileri Günorta Weziristan regionyndaky serhet ýakada ABŞ-nyň pilotsyz dolandyrylýan uçarynyň geçiren howa hüjüminde iki sany ýaragly söweşijiniň ölendigini habar berdiler.

Öz adynyň tutulmagyny islemedik howpsuzlyk resmileri soňky 11 günüň dowamynda altynjy gezek geçirilen bu howa hüjüminiň Günorta Weziristan regionynyň merkezi şäheri bolan Wana şäheriniň golaýynda geçirilendigini mälim etdiler.

Pakistanyň hökümeti bu ýurduň territoriýasynda amerikan güýçleriniň howa hüjümlerini geçirmegine yzygiderli nägilelik bildirip gelýär. Şu mesele sebäpli iki ýurduň gatnaşyklarynda henizem belli bir dartgynlylyk saklanýar.
XS
SM
MD
LG