Sepleriň elýeterliligi

Putin bilen Olland Parižde Siriýa barada çykyş etdiler


Anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Parižde Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşlarynda iki ýurduň prezidentleri Siriýadaky konfliktleri çözmek meselesinde birneme tapawutlanýan pozisiýalara eýerdiler.

Hususan-da, Fransua Olland Siriýadaky krizisleriň çözgüdiniň prezident Başar al-Assadyň wezipeden gitmegi bilen başlanmalydygyny nygtady. Wladimir Putin öz gezeginde prezident Assadyň režimine garşylyk görkezýän güýçleriň-de deň-derejede Siriýadaky gyrgynçylyklara jogapkärdiklerini öňe sürdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Orsýet bilen Hytaý Siriýadaky ýagdaýlaryň daşardan harby güýç ulanylyp çözülmegine garşy çykyş edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG