Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda zamunlykda saklanýan dört aýal halas edildi


Şenbe güni Owganystanda ýerli polisiýa we halkara koalision güýçleri ýurduň demirgazygynda ýaragly söweşijiler tarapyndan zamunlykda saklanýan dört aýaly halas etdiler.

Gumanitar guramada iş alyp barýan bir britaniýaly we bir keniýaly lukman zenan bilen birlikde owganystanly iki aýal maşgala geçen hepde Owganystanyň Badahşan welaýatynda ýaragly adamlar tarapyndan zamun alnypdylar.

Owganystanyň hökümet resmileri bu ýaragly söweşijileriň hökümetden girewine pul berilmegini talap edendiklerini aýdýarlar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň hem-de koalision güýçleriň bilelikde geçiren şenbe günki operasiýasynda ýedi sany talyban söweşijisiniň öldürilip, bu dört zenanyň zamunlykdan halas edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG