Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň korolewasynyň ýaş toýy uly gerimde bellenilýär


Ýekşenbe güni Beýik Britaniýanyň korolewasy Ýelizaweta II-niň 60 ýaş ýubileý toýy mynasybetli Londonda uly baýramçylyk dabarasy ýola goýuldy.

Bu wakanyň hormatyna ýekşenbe güni Temza derýasy boýunça müňden gowrak gämi ýüzüp geçip, korolewa Ýelizawetanyň hormatyna baýramçylyk salýutlaryny atdylar.

Iki gün dowam etjek bu baýramçylyga tomaşa etmek üçin bir million töweregi adam ýygnanar diýlip garaşylýar.

Baýramçylygy gurnaýjylar munuň soňky 350 ýylyň dowamynda Temza derýasynda gurnalýan iň uly gerimli baýramçylyk çäresidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG