Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toronto şäherindäki hüjümde bir adam ölüp, alty adam ýaralandy


Şenbe güni giçlik Kanadanyň Toronto şäherindäki söwda merkezinde bir ýaragly adamyň atan okundan azyndan bir adam ölüp, alty adam ýaralandy.

Bu waka Toronto şäherindäki iň uly söwda merkezleriniň biri bolan “Eaton Center” atly söwda merkezinde ýüze çykdy.

Torontonyň polisiýa edarasynyň resmi wekili Wiktor Kwong bu ýaragly hüjümi amala aşyran adamyň gizlenmegi başarandygyny we ony ele salmak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, ýaralanan alty adamdan ikisi agyr ýagdaýda. Bu hüjümiň sebäpleri barada häzirlikçe anyk bir garaýyş öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG