Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Sankt-Peterburgda Orsýet-Ýewropa Bileleşigi sammiti açyldy


Ýekşenbe güni Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň eteginde Orsýetiň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki sammiti açyldy. Bu iki günlük sammite gatnaşýan Orsýetiň delegasiýasyna prezident Wladimir Putin ýolbaşçylyk edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli delegasiýasyna Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý bilen Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso ýolbaşçylyk edýärler.

Orsýetiň resmileriniň maglumatyna görä, bu sammitiň dowamynda halkara maliýe-ykdysady kynçylyklaryny ýeňip geçmek we post-sowet giňişligindäki käbir integrasiýa problemalaryna çözgüt tapmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan daşary, Siriýa, Liwiýa, Eýran we Koreýa ýarym adasy ýaly regionlardaky syýasy meseleleriň-de sammitiň gün tertibinde boljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG