Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň pilotsyz uçarynyň hüjüminde Pakistanda 8 adam öldi


Ýekşenbe güni Pakistanyň hökümet resmileri üsti pilotsyz amerikan harby uçarynyň amala aşyran hüjüminde Owganystan bilen serhet ýakada azyndan 8 adamyň ölendigini habar berdiler.

Maglumata görä, bu hüjüm Pakistanyň Günorta Weziristan regionynda amala aşyrylypdyr.

Şenbe güni hem amerikan uçarynyň geçiren şuňa meňzeş hüjüminde şu regionda iki sany ýaragly söweşiji ölüpdi. Ýekşenbe günki hüjümde ölen adamlaryň kimlerdikleri barada anyk maglumat alynmady.

Pakistanyň hökümetiniň nägilelik bildirmegine garamazdan, Owganystandaky amerikan güýçleri Pakistanyň serhet ýakalarynda howa hüjümlerini amala aşyrmaklaryny yzygiderli dowam etdirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG