Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat şäherinde täze aeroport kompleksi gurular


Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” Döwlet gullugy ýurduň Türkmenabat şäherinde täze aeroport kompleksiniň gurluşygy boýunça halkara tenderini yglan etdi.

Ýurduň resmi mediasynyň maglumatyna görä, Türkmenabat şäheriniň eteginde her sagatda 500 ýolagçy geçirijilik ukyby bolan täze aeroport kompleksini gurmaklyk planlaşdyrylýar.

Bu aeroport kompleksiniň gurluşygy boýunça yglan edilen halkara tenderine arzalaryň bir aýyň dowamynda kabul ediljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG