Sepleriň elýeterliligi

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ugurlar:

1. Fizika we matematika (hünärler: matematika, amaly matematika we informatika, fizika, radiofizika we elektronika).

2. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).

3. Tebigy bilimler (hünärler: biologiýa, daşky gurşawy öwreniş, geografiya, himiya, kartografiýa, meteorologiýa, psihologiýa).

4. Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri (hünärler: taryh, gündogary öwreniş, syýasaty öwreniş, arheologiýa, ylahyýet).

5. Dil we edebiýat (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; roman-german dilleri: iňlis dili we edebiýaty, nemes dili we edebiýaty, fransuz dili we edebiýaty, italýan dili we edebiýaty; gündogar dilleri: arap dili we edebiýaty, türk dili we edebiýaty, pars dili we edebiýaty, hytaý dili we edebiýaty; žurnalistika).

6. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

Resmi iş kagyzlary:

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.

Giriş synaglary:

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

matematika, amaly matematika we informatika, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri—matematika, fizika;

fizika, radiofizika we elektronika hünärleri—fizika, matematika;

biologiya hünäri—biologiýa, himiýa;

himiýa hünäri—himiýa, biologiýa;

geografiýa, daşky gurşawy öwreniş hünärleri—geografiýa, biologiýa;

kartografiýa hünäri—geografiýa, matematika;

meteorologiýa hünäri—geografiýa, matematika;

psihologiýa hünäri—biologiýa, türkmen dili we edebiýaty;

taryh, arheologiýa, gündogary öwreniş, syýasaty öwreniş, ylahyýet hünärleri—Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

türkmen dili we edebiýaty, žurnalistika hünärleri—türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

iňlis dili we edebiýaty, fransuz dili we edebiýaty, nemes dili we edebiýaty, pars dili we edebiýaty, türk dili we edebiýaty, arap dili we edebiýaty, hytaý dili we edebiýaty hünärleri—saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty;

italýan dili we edebiýaty hünäri—iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty;

hukuk öwreniş hünäri—Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary dilden döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribeleri bolanlar (mugallymçylyk hünärine);

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi we şol guramalaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG