Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty


Institut aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Awtomobil ulagynyň ulanylyşy (hünär: awtomobiller we awtomobil hojalygy).

2. Howa ulagynyň ulanylyşy (hünärler: howa hereketiniň dolandyrylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak).

3. Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzüminiň ulanylyşy we abatlanyşy (hünärler: lokomotiwler; wagonlar; ulagda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak; demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk).

4. Suw ulagynyň ulanylyşy (hünärler: gämi sürmek; gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy).

5. Aragatnaşyk we teleradiokommunikasiýa ulgamlary (hünärler: awtomatiki elektrik aragatnaşygy; köpkanally elektrik aragatnaşygy; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri; önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy (poçta aragatnaşygy)).

6. Gurluşyk (hünärler: köprüler we ulag lagymlary; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy).

7. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş).

8. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

«Howa ulagynyň ulanylyşy» ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerindäkiler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Resmi iş kagyzlary:

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler bo¬ýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary:

Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary dilden döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribeleri bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.
XS
SM
MD
LG