Sepleriň elýeterliligi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti



Institut aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Agronomçylyk (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy).

2. Maldarçylyk we weterinar lukmançylygy (hünärler: weterinar lukmançylygy; maldarçylyk; atçylyk).

3. Gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy (hünärler: gidromeliorasiýa; ýer ulanyş; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek).

4. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy (hünärler: miwe-gök önümleri gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek).

5. Dokma we ýeňil senagat önümleriniň tehnologiýasy (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

6. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: oba hojalygynyň ykdysadyýeti).

7. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünär: oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit).

8. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary:

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bel¬lenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary:

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

agronomçylyk, maldarçylyk we weterinar lukmançylygy ugurlary—himiýa, biologiýa;

gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy, kompýuter tehnologiýasy ugurlary—matematika, fizika;

oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry—fizika, himiýa;

dokma we ýeňil senagat önümleriniň tehnologiýasy ugry—fizika, himiýa;

pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, ykdysadyýet we hojalyk hukugy ugurlary—matematika, biologiýa;

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary dilden döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- harby gullugy tamamlap gelenler;

- soňky 2—3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar.
XS
SM
MD
LG