Sepleriň elýeterliligi

Konserwatoriýa aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Saz guralynda ýerine ýetirijilik (hünärler: türkmen sazy, halk saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, estrada sungaty).

2. Aýdym aýtmak sungaty (hünärler: aýdym sungaty, bagşy).

3. Dirižýorlyk (hünärler: hor dirižýorlygy, orkestr dirižýorlygy, saz mugallymy).

4. Kompozisiýa we sazşynaslyk (hünärler: sazşynaslyk, kompozisiýa, türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk).

Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Bagşy, türkmen sazy, saz mugallymy, estrada sungaty hünärleri boýunça saz bilimi çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyklar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- orta (orta hünär) bilim barada resminamasynyň asyl nusgasy, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary

Giriş synaglary Türkmen milli konserwatoriýasynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Saz guralynda ýerine ýetirijilik ugry: hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden);

aýdym sungaty hünäri: hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we saz teoriýasy (ýazmaça we dilden);

bagşy, türkmen sazy hünärleri: hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden);

hor dirižýorlygy, orkestr dirižýorlygy hünärleri: hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Mukaddes Ruhnama;
kompozisiýa hünäri: döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden);

sazşynaslyk, türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk hünärleri: solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (dilden);

saz mugallymy, estarada sungaty hünärleri: hünäri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden).

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
XS
SM
MD
LG