Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

I.M.Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki şahamçasy


Turkmenistan -- Turkmen Polytechnic Institute, Ashgabat
Turkmenistan -- Turkmen Polytechnic Institute, Ashgabat
Institut aşakdaky ugurlar boýunça seçip alyş işini geçirýär:

1. Nebitgaz işi.

2. Tehnologik maşynlar we enjamlar.

Ýokarda ady agzalan ugurlara Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuw Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň seriş¬deleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler, 2011/2012-nji okuw ýylynda şahamçanyň ýokary mekdebe taýýarlyk fakultetiniň diňleýjiligine kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary

Resmi iş kagyzlaryny kabul etmeklik Aşgabat şäherinde şahamçanyň kabul ediş iş topary tarapyndan amala aşyrylýar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek I.M.Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki şahamçasynda 2011-nji ýylyň 2—10-njy awgusty aralygynda geçirilýär.

Giriş synaglary matematikadan, fizikadan we rus dilinden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Dersler boýunça test ýazmaça, rus dilinde; söhbetdeşlik dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Test we söhbetdeşlik Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglaryna bellenen wagtda esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda bal alanlardan diňleýjilige kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň edaralarynda, kärhanalarynda işleýän we onuň ministrliginden, konsernlerinden hem-de korporasiýalaryndan hödürnama alan raýatlar peýdalanýarlar.
XS
SM
MD
LG