Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy


Akademiýa aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nakgaşçylyk (hünärler: stanok nakgaşçylygy, teatr-haşam nakgaşçylygy, monumental nakgaşçylyk).

2. Grafika (hünärler: stanok grafikasy, kitap grafikasy).

3. Heýkeltaraşlyk (hünär: heýkeltaraşlyk).

4. Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşagynyň bezegi, binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

5. Dizaýn (hünär: dizaýn).

6. Amaly-haşam sungaty (hünärler: keramika sungaty, zergärçilik sungaty, halyçylyk sungaty)

7. Sungaty öwreniş (hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaş eserleri, heýkel we keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.

Resmi iş kagyzlary

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta saz¬çylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Nakgaşçylyk ugry: galamda we reňkde adamyň göwresiniň suratyny çekmek hem-de berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; galamda we reňkde janly adamyň portretini çekmek we erkin temadan taslama ýerine ýetirmek.

Grafika ugry: galamda we reňkde janly adamyň göwresiniň suratyny çekmek hem-de berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; galamda we reňkde janly adamyň portretini çekmek we erkin temadan taslama ýerine ýetirmek.

Amaly-haşam sungaty ugry: galamda adamyň portretini we reňkde natýurmort çekmek, şeýle hem saýlap alan hünäri boýunça berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; galamda gipsden ýasalan adamyň portretini we reňkde saýlap alan hünäri boýunça natýurmort çekmek hem-de hünär aýratynlygyna laýyklykda erkin temadan taslama ýerine ýetirmek;

Heýkeltaraşlyk ugry: galamda adamyň göwresiniň şekilini çekmek we adamyň palçykdan portretini ýerine ýetirmek, şeýle hem berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasy; galamda adamyň portretini çekmek we gipsden ýasalan adamyň palçykdan portretini ýerine ýetirmek, şeýle hem erkin temadan heýkeltaraşlyk taslamasy;

Binagärlik ugry: galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini we reňkde natýurmort çekmek, şeýle hem saýlap alan hünäri boýunça berlen temadan binanyň böleginiň çyzgysyny çyzmak; galamda gipsden ýasalan adamyň portretini we reňkde kagyzdan ýasalan makediň suratyny çekmek, şeýle hem çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek;

Dizaýn ugry: galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini we reňkde natýurmort çekmek, şeýle hem berlen temadan dizaýn taslamasy; galamda gipsden ýasalan adamyň portretini we reňkde dürli geometrik figuralaryň özara sazlaşygyny düzmek, şeýle hem erkin temadan dizaýn taslamasy.

Sungaty öwreniş ugry: Türkmenistanyň taryhy, berlen we erkin temalar boýunça taslama çekmek.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribeleri bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.
XS
SM
MD
LG