Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Uniwersitet aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Dil we edebiýat (hünärler: iňlis dili we edebiýaty; iňlis dili (terjimeçi); türk dili hem-de türkmen dili we edebiýaty).

2. Fizika we matematika (hünär: matematika).

3. Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri (hünär: taryh).

4. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi; maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy).

5. Dokma we ýeňil senagat önümleriniň tehnologiýasy (hünär: tikin önümleriniň modelirlenişi we gurnalyşy).

6. Halkara gatnaşyklary we halkara hukugy (hünär: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).

7. Marketing (hünär: täjirçilik).

8. Halkara işewürligi we menejment (hünär: dünýä maliýe bazary).

9. Menejment (hünär: senagat inženerligi).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş testleriniň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz okuwa kabul edilýän ýetim çagalar we ene-atasynyň hossarlygyndan mahrum bolan çagalar, maýyp çagalar‚ lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasy esasynda degişli bilim edaralarynda okamak gadagan edilmedik I we II topar maýyplary, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylaryň çagalary, şeýle hem giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş testleri

Giriş testleri we okuwa kabul edilmek 2011-nji ýylyň 2—10-njy awgusty aralygynda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Dersler boýunça giriş testleri Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli diller boýunça geçirilýän dil derslerinden başga ähli dersler boýunça giriş testleri türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilýär.

Giriş testleriniň tertibinde bellenilen wagtda test synagyna gelip bilmedikler uniwersitete kabul edilmegiň soňky tapgyrlaryna goýberilmeýär.

Giriş testleriniň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

Halkara türkmen-türk uniwersiteti Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG