Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistana gelim-gidimiň köpelýändigi aýdylýar


Mehmet Seýfuddin Erol: "Türkmenistan ahyrsoňy ýapyk ýurtdan daşky dünýä barha açylýan we has möhüm daşary syýasat alyp barýan ýurda öwrülýär".

Mehmet Seýfuddin Erol: "Türkmenistan ahyrsoňy ýapyk ýurtdan daşky dünýä barha açylýan we has möhüm daşary syýasat alyp barýan ýurda öwrülýär".

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň golaýda aýtmagyna görä, şu ýylyň bäş aýynda Türkmenistana 275 daşary ýurt delegasiýasy sapar edipdir. Ol 272 türkmen delegasiýasynyň-da daşary ýurtlara sapar edendigini habar berdi. Bu barada türkmen metbugat ýazdy.

Bu saparlaryň maksatlary näme we olarda nähili netijeler bar bolup biler? Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere şu soraglar bilen gyzyklanyp, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Mehmet Seýfuddin Erol bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Mehmet Seýfuddin Erol, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň 5 aýynda Türkmenistana 275 sany daşary ýurt delegasiýasynyň sapar edendigini aýdýar. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?

Mehmet Seýfuddin Erol: Türkmenistanyň daşary işler ministri, hormatly Raşid Meredowyň aýdanlaryndan çen tutsak, Türkmenistanyň daşary syýasatynda, şol sanda Owganystan, Eýran meselesi, Orsýet bilen gatnaşyklary we regionyň energiýasy boýunça emele gelen möhüm roly Türkmenistanyň has aktiw daşary syýasat alyp barýandygyny aňladýar. Şu ýylyň 5 aýynda Türkmenistana 275 sany daşary ýurt delegasiýasynyň sapar etmegi munuň görkezijileriniň biridir.

Türkmenistan ahyrsoňy ýapyk ýurtdan daşky dünýä barha açylýan we has möhüm daşary syýasat alyp barýan ýurda öwrülýär. Bu ýerde Türkmenistanyň energiýa boýunça alyp barýan syýasaty möhümdir. Türkmenistan sebitde maliýe merkezi bolmaga çalyşýar we bu ugurda energiýa pudagynda işleýän daşary ýurt kompaniýalar bilen jebis hyzmatdaşlyk saklaýar. Onsoň bu saparlar, hususan, ykdysady we söwda gatnaşyklar bilen baglanşykly.

Azatlyk Radiosy: Şol daşary ýurt delegasiýalarynyň saparlaryndan Türkmenistana nähili peýda geler diýip oýlanýarsyňyz?

Mehmet Seýfuddin Erol

Mehmet Seýfuddin Erol

Mehmet Seýfuddin Erol: Türkmenistanyň aktiw daşary syýasat alyp barýandygy üçin onuň beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine garanda, möhüm rolunyň bardygy gürrüňsiz. Oňa şu wagta çenli baha berilmedi. Türkmenistan sebitde hiç haçan liderlik durumyna eýe bolan ýurt däl. Türkmenistan üçin iň möhümi howpsuzlyk we bu ýerde energiýa howpsuzlygy örän wajyp. Bu gün Türkmenistanyň daşary syýasatyna syn etsek, onuň energiýa boýunça bitarap durumyny görýäris. Onuň şol durumy Türkmenistanyň daşky dünýä üçin hasam açyk ýurt bolmagyny talap edýär.

Bu gün biz Türkmenistana sapar edýän daşary ýurt delegasiýalarynyň sanynyň has-da köpelmegi bilen Türkmenbaşydan soňra hormatly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň şeýle syýasatyny dowam etdirmekçidigini görýäris. Bu gün Türkmenistanda ykdysady we sosial ugurlarda köp iş edilýär. Şonuň ýaly-da demokratiýa boýunça käbir wadalaryň berilmegi hem Türkmenistanyň daşky dünýä has-da açylmagy babatda möhüm bir alamatdyr.

Bu ýerde Türkmenistanyň Hazar deňziniň durumy boýunça Azerbaýjan bilen oňşuksyzlygy barada hem oňyn ädimleri ätmäge başlandygyny bellemeli. Meniň pikirimçe, mundan soňky döwürde hem Türkmenistan şeýle ädimlerini dowam etdirer.

Bu ýerde onuň ýene-de bir möhüm ädimini ýatlamaly. Olam Türkmenistanyň Özbegistan bilen gatnaşyklary. Öň Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşyklary örän dartgynlydy. Emma häzir hormatly Berdimuhamedowyň Özbegistana eden sapary netijesinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň örän gowulaşandygyny görýäris.

Şeýlelikde Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda, aýratyn-da ýakyn goňşulary, Orsýetdir Günbatar bilen gatnaşykda beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna garanda has özbaşdak hereket edýändigini görýäris.
XS
SM
MD
LG