Sepleriň elýeterliligi

Belli aýdymçy “Jenap Trololo” 77 ýaşynda aradan çykdy


Sowet soýuzynyň belli estrada aýdymçysy Eduard Hil. 1966 ý.

Sowet soýuzynyň belli estrada aýdymçysy Eduard Hil. 1966 ý.

Sowet soýuzynyň belli estrada aýdymçysy Eduard Hil ýürek agyrysy sebäpli, Sankt Peterburgda aradan çykdy. Ol 77 ýaşyndady.

Onuň 1976-njy ýylda ýerine ýetiren “Trololo” aýdymy, oňa uly meşhurlygy getiripdi.

2010-njy ýylda onuň öňki aýdan “Trololo” aýdymy internet äleminde ýaýrap, Hile dünýä meşhurlygyny getiripdi. Oňa degişip “Jenap Trololo” lakamy hem berlipdi.

Eduard Hile 1974-nji ýylda Halk artisti diýen hormatly at berlipdi.

Prezident Wladimir Putin Hiliň maşgalasyna öz gynanjyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG