Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Günorta Kawkaz ýurtlaryna sapar edýär


Ermenistanyň prezidenti Serž Sakisýan ABŞ-nyň Döwlet sekraty Hillari Klintony Ýerewanyň prezident köşgünde garşylap dur. 04.06.2012 ý.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sakisýan ABŞ-nyň Döwlet sekraty Hillari Klintony Ýerewanyň prezident köşgünde garşylap dur. 04.06.2012 ý.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Ermenistana sapar edýär. Bu onuň Günorta Kawkaz sebitine edýän dört günlük saparynyň çäginde amala aşyrylýar.

Duşenbe güni Klintonyň Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan we beýleki resmiler bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Gepleşikleriň arasynda Dagly Garabag meselesindäki ýaraşyk gepleşikleriniň hem maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Sişenbe güni Klinton Gürjüstana barar. Çarşenbe güni ol Azerbaýjana sapar edip, prezident Ylham Alyýew bilen gepleşikler geçirer. Penşenbe güni hem Klintonyň Türkiýä barmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG