Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadymy dünýäniň iň iri siwilizasiýasy tapyldy


Sputnikden surata düşürilen sifrli kartalar we topragyň nusgalary bu ýerde oba hojalygy üçin şertleriň we umuman howanyň üýtgänligini görkezdi.
Sputnikden surata düşürilen sifrli kartalar we topragyň nusgalary bu ýerde oba hojalygy üçin şertleriň we umuman howanyň üýtgänligini görkezdi.

Hindi siwilizasiýasy gadymy dünýäniň iň iri siwilizasiýasy bolupdyr. Dünýä ilatynyň çak bilen 10%-niň ýaşan ýeri bolan bu siwilizasiýa şü günki gün Pakistanyň, Gündogar Owganystanyň we demirgazyk-günbatar Hindistanyň ýerleşýän giňişligini öz içine alypdyr. Üç müň ýyla golaý wagt mundan ozal ýitip giden bu siwilizasiýanyň taryhy şu günki güne çenli köp sorag döredýär.

Müsüriň ýa Mesopotamiýanyň ilatyndan tapawutlylykda gadymy Hindi ilaty uly binalary ýa piramidalary gurmandyr.

Okeany öwreniji Woods Hole Institutyndan Liwiu Giosanyň sözlerine görä, hindiler esasan oba hojalygy we söwda bilen meşgullanypdyrlar. Alym bu gadymy siwilizasiýanyň iňňän gowy gurlan ýollar, Mesopotamiýa bilen deňiz gatnawy, tämiz şäherler we ussahanalar bilen tapawutlananlygyny gürrüň berdi.

Hindi siwilizasiýasynyň galyndylary 1920-nji ýyllarda arheologik barlaglar netijesinde tapylypdy. Şol döwürden bäri geçirilen barlaglar netijesinde gurluşyk we medeniýet taýdan ösen şäherler tapyldy. Olaryň suwy arassalaýyş sistemalar, sungat we ýazuw taýdan ösen şäherler bolanlygy anyklandy.

Ýitip gitmegine näme sebäp boldy?

Giosan we onuň kärdeşleri ABŞ-nyň Milli ylymlar akademiýasynyň ylmy neşirinde çap eden öz barlaglarynda 5200 ýyl mundan ozal güýçli ösüşi başdan geçiren, emma 3900 we 3000 ýyllar mundan ozalky döwürde çöken we soň ýitip giden Hindi siwilizasiýasyny görkezmek üçin topografik maglumatlary ulandylar.

Sputnikden surata düşürilen sifrli kartalar we topragyň nusgalary bu ýerde oba hojalygy üçin şertleriň we umuman howanyň üýtgänligini görkezdi.

Barlaglara görä, musson ýagyşlary oba hojalygynyň, söwdanyň ösüşine mümkinçilik döredipdir. Emma ýagyşlar azaldygyça ýer önümçiligi pese düşüpdir. Ýerli ilat gündogara tarap göçmäge mejbur bolupdyr we has kiçi toparlara bölünip ýaşapdyr.

Alym Giosan gadymy ilatyň şeýle şertlerde ýene-de 1 müň ýyla golaý wagtlap ýaşanlygyny, emma ahyrsoňy ýitip gidenligini aýtdy.

Taryhyň sapaklary

Hind derýasy şu günki gün dünýäniň iň uly suwaryş sistemasyny emele getirýär. Emma bu sistema howanyň durnuklylygyna garaşly. Giosan şu günki gün howanyň üýtgäp durmagynyň 2010-njy ýylda Pakistanda bolan suw joşguny ýaly güýçli tebigy betbagytçylyklar üçin amatly şert döredýänligini we millionlarça adama howp salýanlygyny aýdýar.

Alym Hind derýasynyň suwaryş sistemasynyň könelişmeginiň yly problema döredýänligini, şeýlelikde regionyň ösüşine gaýtadan seredilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Şeýle-de, Liwiu Giosanyň bellemegine görä, şu günki gün regionyň ilaty başga ýere göçmek üçin, gadymy döwürde ýaşan adamlardan tapawutlylykda serhetlerden erkin geçip bilmeýär.

Alym Giosanyň pikirine görä, taryhdan sapak almaly, ýagny senagat taýdan ösen we howanyň üýtgemegine sebäpkär şu günki kuwwatly siwilizasiýalar geljekde erbet netijeleriň öňüni almak üçin tebigata ýetirilýän zyýany azaltmak ugrunda çäre görmeli.

“VOA” Amerikanyň sesi neşiriniň maglumaty
XS
SM
MD
LG