Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Gullugy gepleşikler geçirer


HAEG-iň başlygy Ýukiýa Amano Tährana ýüzlenip, özleriniň Parçin sebitine baramaklary üçin, şertleri döretmäge çagyryş etdi. Wena. 04.06.2012 ý.

HAEG-iň başlygy Ýukiýa Amano Tährana ýüzlenip, özleriniň Parçin sebitine baramaklary üçin, şertleri döretmäge çagyryş etdi. Wena. 04.06.2012 ý.

BMG-niň Atom Energiýasy boýunça edarasy we Eýran anna güni – 8-nji iýunda özara gepleşikler geçirerler. Bu aralykda Halkara Atom Energiýasy Gullugy (HAEG) Eýranyň Parçin harby bazasynda alnyp barylýan işleri derňemek üçin, rugsat almak ugrunda tagalla edýär.

HAEG-iň başlygy Ýukiýa Amano Tährana ýüzlenip, özleriniň Parçin sebitine baramaklary üçin, şertleri döretmäge çagyryş etdi. Parçin sebitinde ýadro ýaragyny döretmek ugrunda işleriň alnyp barylýandygy çaklanylýar.

Eýran aýyplamalary inkär edýär.

Halkara Atom Energiýasy Gullugy duşenbe güni Wenada ýapyk gapylaryň aňyrsynda ýygnaga başlady. Çaklamara görä, maslahatda Eýranyň atom programmasy üns merkezinde bolar.
XS
SM
MD
LG