Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-ÝB: Siriýa gepleşikleriň gün tertibinde


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde), Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrozo (sagda) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti German Wan Rompuý Sankt-Peterburgda, 4-nji iýun.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde), Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrozo (sagda) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti German Wan Rompuý Sankt-Peterburgda, 4-nji iýun.

Siriýa meselesi hepdäniň duşenbe güni Sankt-Peterburgda Orsýetiň we Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň üns merkezinde boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Orsýetiň Siriýa boýunça pozisiýasyny üýtgetmegini isleýärler.

Sankt-Peterburgdaky gepleşiklere Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrozo we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Eşton dagylar gatnaşdylar.

Hepdäniň ýekşenbe güni Putiniň Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen nahar başynda näresmi duşuşygy boldy.

Siriýa meselesi

Ýewropa Bileleşiginiň agzalary Moskwanyň Damaska basyş edip, Siriýanyň BMG-niň we Arap döwletleriniň ligasynyň ýörite wekili Kofi Annanyň parahatçylyk planyny ýerine ýetirmegini gazanmagyny isleýärler. Bu plana laýyklykda, Siriýanyň şäherlerinden agyr ýaraglaryň çykarylmagy talap edilýär.

Ýekşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçiren Ketrin Eşton “Kofi Annanyň planyny ýerine ýetirmekde Orsýetiň rolunyň örän uludygyny” aýtdy.

Orsýet Hytaý bilen bilelikde Günbataryň Başar al-Assady ýazgarmak talabyna garşy çykyş edýär. Pekin bilen Moskwa Siriýanyň prezidentiniň wezipesinden çekilmeginiň syýasy dialog üçin talap hökmünde öňe sürülmegine garşy bolýarlar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň hepdäniň ýekşenbe güni Stokgolma eden saparynyň dowamynda aýtmagyna görä, ol Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren telefon gepleşiklerinde Assadyň wezipesinden çekilmeginiň öňünden edilýän talap däldigini aýdypdyr.

“Men Kofi Annanyň planyndaky ähli jikme-jik pursatlar berjaý edilmese, duşuşygyň manyly bolmajagyny açyk aýtdym. Elbetde, bu biziň syýasy geçişe tarap ünsi gönükdirmelidigimizi aňladýar. Assadyň wezipesinden çekilmegi gepleşiklerden öňki talap bolmaly dal, emma bu netijede şeýle bolmaly. Siriýanyň halky öz garaýşyny mälim etmek mümkinçiligine eýe bolmaly” diýip, Klinton aýtdy.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýekşenbe güni parlamentde eden çykyşynda Siriýadaky bölünişige “daşary ýurtlaryň goşulşmagynyň” sebäp bolanlygyny aýtdy we krizisi çömek üçin ýeke-täk ýoluň - syýasy gepleşiklerdigini belledi.

Beýleki temalar

Orsýet we Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň arasynda Sankt-Peterburgda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň gün tertibinde söwda gatnaşyklaryna we Eýranyň ýadro programmasyna degişli meselelere hem garaldy.

Moskwa öz raýatlary üçin wizasyz syýahat meselesini hem öňe sürýär.

Ýewropanyň diplomatlary Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Sankt-Peterburgda geçirilen gepleşiklere Brýusseliň 7-nji maýda Orsýetiň prezidenti wezipesine gaýdyp gelen Wladimir Putin bilen gatnaşyklaryny ýola goýmak synanyşygy hökmünde garaýarlar.
XS
SM
MD
LG