Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Aziýa sebitine sapar edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Duşenbe güni Wladimir Putin Özbegistana sapara barýar. Bu onuň bir aý çemesi öň Orsýetiň prezidenti hökmünde wezipä başlandan soň Aziýa sebitine edýän ilkinji saparynyň çäginde amala aşyrylýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, Putin bilen Yslam Kerimow Özbegistanyň erkin söwda zolagyna goşulmagy barada gepleşik geçirerler.

Putin Daşkentden soň Hytaýa barar. Ol ýerde geçiriljek gepleşikleriň arasynda energiýa meseleleriniň agdyklyk etjekdigi aýdylýar.

Pekinde Putiniň Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Putin 7-nji iýunda Gazagystana barar.
XS
SM
MD
LG