Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müsürde prezidentlige dalaşgär özüniň yslamçy garşydaşyna hüjüm etdi


“Musulman Doganlygy” toparyndan kandidat Mohammet Morsi (çepde) we häkimiýetden çetleşdirilen prezident Hosni Mubaregiň soňky premýer-ministri Ahmed Şafik

“Musulman Doganlygy” toparyndan kandidat Mohammet Morsi (çepde) we häkimiýetden çetleşdirilen prezident Hosni Mubaregiň soňky premýer-ministri Ahmed Şafik

Müsürde prezidentlige dalaşgär, ozalky prezident Hosni Mubaregiň premýer-ministri Ahmed Şafik özüniň yslamçy garşydaşyna hüjüm edip, eger-de ol häkimiýet başyna geçse “garaňky döwrüň” başlanjakdygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni geçirilen metbugat-konferensiýanyň dowamynda, Şafik “Musulman doganlygy” toparyň “fanatik” bir döwleti döretmegi isleýändiklerini aýtdy.

16-17-nji iýunda Şafik we “Musulman doganlygy” toparynyň wekili Mohammed Mursi prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda bäsleşerler.

Bu aralykda müňlerçe müsürliler suduň Hosni Mubarege gaşry çykaran hökümine garşy proteste çykdylar. Müsüriň ozalky lideri geçen ýylky tolgunşyklarda protestçileriň öldürilmegine dahylly bolmakda günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG