Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2012 Ýewropa futbol çempionaty sanlar bilen


Kiýew, 2012-nji ýylyň 11-nji maýy.
Kiýew, 2012-nji ýylyň 11-nji maýy.
Geljek anna güni, ýagny 8-nji iýunda Polşada we Ukrainada Ýewropanyň futbol boýunça çempionaty başlanýar. Azatlyk Radiosy Gündogar Ýewropa regionyndaky iň uly sport çäresiniň soňky on ýylyň dowamynda neneňsi özgerendigine göz aýlady.

2 – Geçen futbol çempionatynyň netijelerini öňünden ýalňyşsyz çaklamagy başaran Pol osminogyň meşhurlygyny gazanmak ugrunda indi iki haýwan öz ukybyny synap görer. Oýunlaryň netijelerini Ukrainada doňuz çak etse, Polşada muňa pil synanyşar.

3 – Germaniýa üç gezek Ýewropanyň futbol boýunça çempiony bolmagy başarypdy. Ol alty gezek finalda oýnapdy. Germaniýa ýaryşyň iň üstünlikli topary hasaplanýar. Ýöne 2008-nji ýylda ýewropa we 2010-njy ýylda dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolan Ispaniýa hem güýçli toparlaryň biri.

8 – Futbol oýunlary sekiz şäherdäki sekiz stadionda geçiriler. Olar Ukrainada ýerleşýän: Donetsk, Harkow, Kiýew we Lwow, şeýle-de Polşadaky Gdansk, Poznan, Warşawa we Wroslaw şäherleridir. Warşawada çempionatyň ilkinji oýny geçirilse, Kiýewde 1-nji iýulda final duşuşygy bolar.

65 – Polşanyň futbol topary FIFA-nyň sanawynda 65-nji orunda durýar. Ukraina bolsa 50-nji ýerde.

70 – 1942-nji ýylda german nasistleriniň futbol topary bilen Ukrainanyň “Dinamo Kiýew” futbol komandasynyň arasynda bolan “ölüm oýnundan” bäri 70 ýyl geçdi. Gürrüňi gidýän oýunda Ukrainanyň komandasy ähli garşydaşlaryny ýeňip, finala çykmagy başarypdy. Şonda SS-iň ofiserleri toparyň utulmagyna görkezme berýärler. Muňa garamazdan, “Dinamo Kiýew” 5-3 hasaby bilen ýeňiş gazanýar. Mundan soň, Ukrainanyň toparynyň ençeme oýunçysy Gestapo tarapyndan tussag edilýär we jezalandyrylyp öldürilýär. Ýöne 2005-nji ýylda Germaniýanyň sudy şol jezalandyrmalaryň futbol bilen baglanyşykly bolmandygy barada karar çykardy.

241 - Haçan-da futbol çempionaty başlananda, ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň türmede oturan güni 241-e deň bolar. Ol wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, geçen ýylyň oktýabr aýynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Timoşenko özüniň syýasy matlaplar bilen türmä salnandygyny öňe sürýär. Munuň bilen Ýewropanyň ençeme lideri hem ylalaşýar. Olaryň käbirleri hatda çempionatyň Ukraina tarapynda geçýän tapgyrlaryny boýkot etmäge hem çagyryş edipdiler.

800 – Kiýewde oýnuň geçjek ýerinde aýratyn jaýda ýaşamak üçin, bir gije-gündiziň nyrhy 800 dollara deň bolar.

1 400 – Geljek köp sanly turistler bilen düşünişmek üçin Ukrainanyň polisiýa ofiserlerine 1400 sany elektron sesli terjime guraly paýlandy.

1 960 – Ýewropa Çempionatynyň düýbi 1960-njy ýylda tutuldy. Muny döretmek ideýasyny fransiýaly Henri Daleauneý orta atypdy. Emma ol çempionat başlanmazyndan 5 ýyl öň dünýäden ötüpdi.

52 000 – Halkara HIV/AIDS alýansynyň berýän maglumatyna görä, geçen ýyl Ukrainada öz tenini satýan 52 müň adam bar eken.

68 000 – Kiýewiň stadionyna 68 müň adam ýerleşip bilýär. Ol 1923-nji ýylda açylyp, geçen ýyl onuň durky täzelenipdi. Bu ýerde 1-nji iýulda çempionatyň final duşuşygy geçiriler.

1 000 000 –Futbol ýaryşy sebäpli Ukraina ýurda bir million turisti çekmegi umyt edýär.

150 000 000 – Warşawada geçek futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna dünýä boýunça 150 million adamyň tomaşa etjekdigi çaklanylýar. Çäre 20 minut dowam eder.

13.4 milliard – Futbol ýaryşyna taýýarlyk üçin Ukrainada 13.4 milliard dollar harçlanypdyr.
XS
SM
MD
LG