Sepleriň elýeterliligi

Türkmen telewideniýesi Ýewropa futbol çempionatyny göni efirde görkezer


Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, 2012-nji ýylyň maý aýy.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, 2012-nji ýylyň maý aýy.

Polşada we Ukrainada geçirilmeli futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu çempionaty türkmen telewideniýesi ilkinji gezek göni efirde görkezer. Bu barada 3-nji iýunda türkmen telewideniýesiniň “Ýaşlyk” telekanalynda bildiriş berildi.

Bildirişde aýdylşy ýaly, futbol çempionatynyň duşuşyklary “Ýaşlyk” we “Türkmenistan sport” telekanallarynda efirde berler. Translýasiýalar Türkmenistanyň prezidentiniň tagallalary bilen amala aşyrylýar diýlip, habar berilýär.

Adatça Ýewro-2012 futbol çempionaty ýaly islendik uly halkara sport ýaryşyna türkmen teletomaşaçylary daşary ýurt telekanallarynda tomaşa edýärler. Daşary ýurt telekanallarynyň translýasiýalary bolsa köplenç halatda tölegli.

Polşada we Ukrainada geçirilmeli Ýewropa futbol çempionaty 8-nji iýunda başlanar. Bu bäsleşige türkmensitanly futbol janköýerleri hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Futbol oýunlary sekiz şäherdäki sekiz stadionda geçiriler. Olar Ukrainanyň Donetsk, Harkow, Kiýew we Lwow, şeýle-de Polşanyň Gdansk, Poznan, Warşawa we Wroslaw şäherleridir.

Warşawada çempionatyň ilkinji oýny geçirilse, Kiýewde 1-nji iýulda final duşuşygy bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG