Sepleriň elýeterliligi

Daşary syýasat, energiýa Putiniň Hytaýa saparynyň gün tertibinde


Hytaýyň prezidenti Hu Jintao (çepde) orsýetli kärdeşi Wladimir Putin bilen Pekinde, 5-nji iýun.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintao (çepde) orsýetli kärdeşi Wladimir Putin bilen Pekinde, 5-nji iýun.

Prezidentlige üçünji gezek saýlanaly bäri aradan bir aý geçer-geçmez, Wladimir Putin Aziýa edýän ilkinji saparynyň dowamynda Pekine bardy.

Bu üç günlük saparda gün tertibinde ilkinji orunlarda duran mesele – energiýa boýunça hem-de daşary syýasatdaky hyzmatdaşlyk. Putin bu ýerde bir regional sammite hem gatnaşar.

Duşuşyklarda Siriýada dowam edýän bulagaýlyklar we Eýranyň ýadro dawasy barada hem pikir alşylmagyna garaşylýar.

Orsýet bilen Hytaý Günbataryň prezident Başar al-Assady ýazgarmak baradaky çagyryşyna garşy çykyp, onuň wezipeden aýrylmagynyň syýasy dialog üçin öňünden bellenen şert bolmaly däldigini nygtaýarlar. Iki ýurt ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşýanlykda şübhelenilýän Eýran barada hem täze sanksiýalara garşy.

Putiniň Hytaýa saparynda möhüm orny eýeleýän ýene bir tema ykdysady meseleler, aýratyn-da energiýa. Ors prezidenti öz ýany bilen Ministrler Kabinetiniň 6 ministrini alyp barýar. Onuň ýanynda ýurduň energiýa läheňleri “Gazpromyň”, “Rosneftiň”, “Transneftiň” we beýleki kompaniýalaryň hem başlyklary bar. Ýöne Moskwanyň goňşy ýurda ýylda takmynan 70 milliard kubometr gaz satmak baradaky söwda şertnamasyna, baha meselesinde bar bolan ylalaşmazlyklar sebäpli, gol çekilmese gerek.

Kremliň daşary syýasat boýunça kömekçisi Ýuri Uşakow öten hepde iki ýurduň 17 sany diplomatik we söwda ylalaşygyna gol çekmegi planlaşdyrandygyny aýtdy.

Putin hem sapara çykmazdan öň Hytaý mediasyna beren interwýusynda öten ýyl 84 milliard dollara barabar bolan ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini 2020-nji ýyla çenli 200 milliard dollara ýetirmek isleýändigini belledi.

Birleşen Ştatlara etjek saparyny ýatyryp, ondan birnäçe hepde soň Hytaýa giden Putin sişenbe güni giçlik hytaýly kärdeşi Hu Jintao bilen duşuşar.

Çarşenbe güni üçin göz öňünde tutulan duşuşyk planynda häzir premýer-ministriň orunbasary bolan geljekki premýer-ministr Li Keçiang bilen üstümizdäki ýylyň aýagynda prezidentlige bellenmegine garaşylýan Şi Jinping hem bar.

Ors prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çarşenbe gününden başlap Pekinde geçýän iki günlük sammitine gatnaşar. Ol bu sammitiň dowamynda Eýranyň, Owganystanyň prezidentleri bilen hem duşuşar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar - Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Özbegistan we Tajigistan.

Sammite Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bu gurama synçy ýurduň prezidenti, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem myhman hökmünde gatnaşýar.

Agzalaryň arasynda howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin 2001-nji ýylda gurlan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda indi ykdysady, medeni we hyzmatdaşlygyň beýleki formalary barada hem özara pikir alşylýar.

Özbegistandan Hytaýa baran Putin 7-nji iýunda Gazagystana barar.
XS
SM
MD
LG