Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti iş sapary bilen Pekine bardy. 05.06.2012 ý.

Türkmenistanyň prezidenti iş sapary bilen Pekine bardy. 05.06.2012 ý.

Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti iş sapary bilen Pekine bardy. Üç günlük saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň 12-nji geňeşine gatnaşar.

“Itar-Tass” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bilen hem özara ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Saparyň dowamynda türkmen lideriniň Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýanyň (CNPC) baş edarasyna hem barmagyna garaşylýar. Onda Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň mukdaryny artdyrmak baradaky ylalaşyga gol goýuljakdygy, “Itar-Tass” habar agentliginiň maglumatynda bellenilýär.

Türkmen gazyny Hytaýa akdyrmak baradaky ilkinji ylalaşyk 2007-nji ýylda baglanşylypdy. 30 ýyl möhletleýin şol ylalaşyga görä, Türkmenistan ýylda Hytaýa 30 milliard kub metr gaz akdyrmaly.
XS
SM
MD
LG