Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda dereksiz ýiten gümrükçi diri tapyldy


Gazagystanda ençeme gün bäri dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýan gümrük sakçysy tapyldy. Mundan öň, 14 sany gürmük sakçysy we bir tokaýçy gümürtük ýagdaýlarda gazak-hytaý serhedinde öli tapylypdy.

Gazagystanyň içeri işler ministri Kulmuhamet Kasymowyň berýän maglumatyna görä, sakçy Arkankergen barlag-gözegçilik nokadynyň golaýyndaky çopanlaryň öýünden tapylypdyr. Gürrüňi gidýän barlag-gözegçilik nokady 30-njy maýda dörän wakada dolulygyna ýanypdy.

Kasymow tapylan gümrük işgäriniň egninde raýat egin-eşiginiň, elinde hem komandiriniň ýaragynyň bardygyny aýdýar.

Kasymow tapylan sakçynyň häzir sorag edilýändigini, şeýle-de onuň bolup geçen zatlary dolulygyna aýtjakdygyny belledi.

Tapylan sakçynyň şahsyýeti mälim edilmedi. Şeýle-de, derňew gutarýança soragyň mazmuny boýunça informasiýanyň berilmejekedigi duýduryldy.
XS
SM
MD
LG