Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada müňlerçe adam rus dili baradaky kanun boýunça protest geçirýär


Ukrainada rus dili baradaky kanun boýunça protest geçirilýär. Zaporožýa. 05.06.2012 ý.

Ukrainada rus dili baradaky kanun boýunça protest geçirilýär. Zaporožýa. 05.06.2012 ý.

Ukrainada müňlerçe adam ýurduň parlamentiniň öňünde protest geçirdi. Olar kanunçykaryjylaryň rus dilini ýurduň käbir sebitlerinde resmi dil diýip ykrar etmek boýunça deslapky karary berendigi üçin närazalyklaryny bildirýär.

Sişenbe güni geçirilen ses berlişikde 450 orunlyk parlamentiň 234 deputaty kanuny goldap ses berdi.

Ses berlişikden soň, oppozisiýa wekilleri parlamentiň daşynda çadyrlary gurup, protest geçirmäge çagyryş etdiler.

Bu kanun proýekt sebäpli geçen aý ýurduň paralamentinde deputatlar özara ýakalaşypdy. Munuň netijesinde, bir kanunçykaryjy keselhana hem ýerleşdirilipdi.

Täze kanuna görä, ukrain dili ýuduň ýeke-täk resmi dili bolmagyna galýar. Emma aglaba rusça gepleşilýän sebitlerde rus dili sudlarda, keselhanalarda we beýleki edaralarda ulanylar.
XS
SM
MD
LG