Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda gyz okuwçylary zäherlemek işi boýunça sekiz adam tussag edildi


Tahar welaýatyndaky gyzlaryň mekdebiniň okuwçysy bejergi alýar, 23.05.2012 ý.

Tahar welaýatyndaky gyzlaryň mekdebiniň okuwçysy bejergi alýar, 23.05.2012 ý.

Owganystanda gyz okuwçylary zäherlemek işine ilteşigi bolmakda gümän edilip sekiz adam tussag edildi. Bu barada ýurduň demirgazygyndaky Takhar welaýatynyň howpsuzyk resmileri maglumat berýärler.

Resmileriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tussag edilenleriň “Talyban” we Özbegistanyň Yslam hereketi toparlary bilen ilteşigi bara meňzeýär.

Takhar welaýatynyň resmileriniň sözlerine görä, welaýatyň alty mekdebine goýberlen zäherleýji gazdan dem alyp, häzire çenli 800 sany okuwçy gyz nähoşlapdyr.

“Talyban” hereketi bu hüjümlere ilteşiginiň ýokdugyny aýdyp, muny gurnanlary jezalandyrmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG