Sepleriň elýeterliligi

Klinton Orsýeti Abhaziýadan we Günorta Osetiýadan çykmaga çagyrýar


Klinton Birleşen Ştatlaryň Gürjüstanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny gaýtalady we Orsýeti Gürjüstandan garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýadan we Günorta Osetiýadan çykmaga çagyrdy.

Klinton Birleşen Ştatlaryň Gürjüstanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny gaýtalady we Orsýeti Gürjüstandan garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýadan we Günorta Osetiýadan çykmaga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Günorta Kawkaz ýurtlaryna saparynyň çäginde sişenbe güni Gürjüstana bardy. Ol Batumi şäherinde Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen duşuşýar. Klinton Gürjüstandan öň Ermenistana sapar edipdi.

Klinton Gürjüstanyň Batumi şäherinde Gürjüstanyň resmileri bilen “strategik dialoga” gatnaşdy. Ol Waşingtonyň Gürjüstanyň goşunyny döwrebaplaşdyrmaga we goranmak mümkinçiliklerini ösdürmäge kömek etjekdigini aýtdy.

Klinton Birleşen Ştatlaryň Gürjüstanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny gaýtalady we Orsýeti Gürjüstandan garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýadan we Günorta Osetiýadan çykmaga çagyrdy.

“Biz Orsýetiň okkupasiýasyny we Gürjüstanyň territoriýasynyň harbylaşdyrylmagyny ret edýäris. Biz Orsýeti atyşyklary bes etmek barada 2008-nji ýylda gol goýlan ylalaşykdaky borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge çagyrýarys” diýip, Klinton aýtdy. “Şol ylalaşyga Orsýetiň uruşdan öň ornaşan ýerlerinden harby güýçlerini çykarmagy we erkin ynsanperwerlik kömege ýol bermegi hem girýär”.

Hillary Klinton sişenbe güni giçlik Batumide Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen gepleşikler geçirýär.

Daglyk Garabag

Klinton duşenbe güni Ýerewanda eden çykyşynda Daglyk Garabag boýunça Ermenistanyň we Azerbeýjanyň arasyndaky dartgynlygyň has uly konflikte öwrülmeginiň mümkindigini duýdurdy. Ol bu barada Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan bilen bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Men dartgynlyklaryň ösmek howpundan we ýaş esgerleriň, günäsiz adamlaryň manysyz ölüminden juda biynjalyk bolýaryn. Daglyk Garabag problemasyny güýç ulanyp, çözüp bolmaz. Şonuň üçin-de, bu sebitde güýç ulanmaly däldir” diýip, Klinton nygtady.

Klinton Türkiýäni Ermenistan bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga hem çagyrdy.

Daglyk Garabag sebitinde ýiti dartgynlyk saklanyp galýar. Ermeni we azeri tarapy birek-biregi özara ylalaşygy aram-aram bozýanlykda aýyplaýarlar. Duşenbe güni irden ermeni tarapynyň aýtmagyna görä, Azerbaýjandan Ermenistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Tawuş sebitine geçmekçi bolanlar bilen atyşykda üç ermeni esgeri ölüpdir.
Emma Azerbaýjan bu waka öz esgerleriniň gatnaşygynyň bardygyny ret edýär.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi bu atyşykda birnäçe ermeni esgeriniň ýaralanandygyny hem habar berýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Gürjüstandan soňra nebite baý Azerbaýjana sapar eder. Ol 7-nji iýunda Türkiýä barar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG