Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň prezidenti al-Assad premýer-ministri täzeledi


Çarşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň ozalky oba hojalyk ministri Riýad Hijaby premýer-ministriň wezipesine belledi.

Indi Riýad Hijabyň Siriýanyň Ministrler Kabinetini täzeden düzjekdigi habar berilýär.

Geçen ýylyň aprelinden bäri bu premýer-ministrlik wezipesinde Adel Safar işläp gelipdi. Onuň bir ýyldan sähel gowrak wagtdan soň wezipeden boşadylmagynyň sebäpleri barada anyk maglumat berilmeýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri Siriýada dowam edýän protestleriň barşynda 10 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG