Sepleriň elýeterliligi

Kandagardaky iki sany partlamada azyndan 22 adam öldi


Çarşenbe güni Owganystanyň resmileri ýurduň Kandagar welaýatynda janyndan geçen iki sany hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan 22 adamyň ölüp, 50 töweregi adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, bu partlamalar Kandagar welaýatyndaky NATO-nyň harby bazasynyň golaýynda ýerleşýän ýerli söwda bazarynda amala aşyrylypdyr.

Ýerli häkimligiň metbugat sekreraty bu wakada ölenleriň hemmesiniň parahat ýaşaýjylardygyny aýdýar.

Bu wakanyň yzy bilen Owganystandaky Talyban topary bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG