Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň başlygy berk käýinç aldy


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti ýurduň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Döwrangeldi Baýramowa berk käýinç yglan etdi.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, oňa şeýle käýinç “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi hem-de işinde goýberen kemçilikleri üçin” yglan edilipdir. Ýöne bu kemçilikleriň nämeden ybaratdygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Bu baradaky resmi maglumatda Döwrangeldi Baýramowyň ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmedik halatynda, oňa wezipeden boşadyljakdygy barada duýduryşyň berlendigi-de aýdylýar.
XS
SM
MD
LG