Sepleriň elýeterliligi

Pekinde ŞHG-niň iki günlük maslahaty öz işine başlady


Çarşenbe güni Hytaýyň paýtagty Pekinde Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasyna agza ýurtlaryň liderleriniň maslahaty açyldy.

Bu maslahata myhman hökmünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Ol şu maksat bilen sişenbe güni Pekine bardy.

Iki gün dowam etjek bu maslahatyň dowamynda regional howpsuzlyk, Merkezi Aziýadaky käbir proýektleri maliýeleşdirmek we Owganystandaky syýasy-ykdysady meseleler barada maslahat ediljekdigi habar berilýär.

Bu maslahatyň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň lideri Hu Žintao bilen-de gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasyna Hytaý, Orsýet, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan girýär.
XS
SM
MD
LG