Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Hytaý harby hyzmatdaşlygyna syn


Türkmenistanyň Akdepe harby-howa bazasynda geçirilen türgenleşik mahalynda, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň Akdepe harby-howa bazasynda geçirilen türgenleşik mahalynda, 2010-njy ýyl.
Hytaýyň baş harby edarasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada eden saparynyň netijesinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky geljekki harby hyzmatdaşlyk barada yglan edildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Çin Bindeniň arasynda 4-nji iýunda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň harby-tehniki üpjünçiligine, kadrlaryň ýetişdirilmegine, şeýle-de ýurtlaryň harby we howpsuzlyk edaralarynyň arasynda tejribe alyşmaklaryna degişli meselelere garaldy.

Azatlyk Radiosy orsýetli syýasaty öwreniji, graşsyz harby analitik Aleksandr Golts bilen söhbetdeş bolup, energiýa we ykdysady taýdan gatnaşyklaryny ösdürýän bu iki ýurduň harby hyzmatdaşlygynyň aýratynlyklaryna syn etdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Hytaýyň özara harby hyzmatdaşlyga bildirýän gyzyklanmasy nämä bagly diýip pikir edýärsiňiz?

Orsýetli syýasaty öwreniji, graşsyz harby analitik Aleksandr Golts
Orsýetli syýasaty öwreniji, graşsyz harby analitik Aleksandr Golts
Aleksandr Golts: Hytayň Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýänligini bellemeli. Bu harby-syýasy ugra hem degişli. Üstesine, Hytaýyň regionda alyp barýan energiýa proýektleri köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýär. Şu sebäpden Pekiniň Türkmenistan bilen bar bolan uzakmöhletleýin şertnamalarynyň berjaý edilmegini kepillendirmek isleýänligini çak etmek mümkin. Şeýlelikde Turkmenstanyň güýç edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak hem Hytaý üçin bähbitli.

Azatlyk Radiosy: Harby ugurdan hyzmatdaşlygyň çäginde Hytaý Türkmenistana näme teklip edip biler?

Aleksandr Golts: Hytaý köp zady teklip edip biler. Birinjiden, ol harbylary türgenleşdirip biler. Hytaýyň ýaragly güýçleri şu günki gün dünýä derejesinde öňde barýan goşunlaryň biri. Häzirki wagtda bu goşun üpjünçilik taýdan döwrebap ösen derejä ýetdi we şeýlelikde Hytaýyň ýaragly güçlerini ABŞ-nyň goşuny bilen deňedirip bolmasa-da, ol Orsýetiň goşunyndan köp ugurdan, ilkinji nobatda-da tehniki üpjünçilik taýdan, has öňde barýar.

Azatlyk Radiosy: Hytaý goşuny haýsy ugurlardan öňde barýar?

Aleksandr Golts: Hytaý öz ýaraglaryny üstünlikli satýar. Hytaýyň ýaraglaryny ilkinji nobatda tehnologiýa taýdan onçakly ösen bolmadyk ýurtlar satyn alýarlar.

Azatlyk Radiosy: Harby-tehniki taýdan hyzmatdaşlyk türkmen goşuny üçin näderejede bähbitli bolup biler?

Aleksandr Golts: Bu ýerde problema bar. Türkmen goşunynyň harby üpjünçiligi sowet döwründen miras galan serişdelerden ybarat. Şonuň üçin goşunyň düýpden täzelenmegi örän uly çykdajylary talap eder. Ýöne häzirki ýagdaýda Hytaý Türkmenistan üçin harby infrastrukturany döretmekde ýardam berip biler.

Azatlyk Radiosy: Hytaý bilen harby taýdan hyzmatdaşlykda Türkmenistany näme gyzyklandyrýar diýip pikir edýärsiňiz?

Aleksandr Golts: Hytaýyň harby tehnikasy gymmat däl. Emma, meniň pikirimçe, Turkmenistanyň Hytaý bilen harby gatnaşyklarynyň maksady hem ýurduň energiýa syýasatyna bagly. Türkmenistan Hytaý bilen harby gatnaşyklaryny iş ýüzünde ösdürmän hem biler, emma türkmen hökümeti bu tema gyzyklanma bildirýänligini mälim edip, mundan beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarynda, şol sanda Orsýet bilen gepleşiklerinde öz agramyny artdyrmak üçin peýdalanyp biler.

Azatlyk Radiosy: Bu gatnaşyklar Hytaý tarapy üçin näderejede bähbitli?

Aleksandr Golts: Hytaýyň Merkezi Aziýa regionynyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny batly ösdürýänligi hiç kime syr däl. Bu ýagdaýyň regiona gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň täsirini çäklendirýänligi hem soňky ýyllarda mese-mälim görünýär. Meselem, regionda Orsýetiň täsiri Hytaýa garanda has gowşak. Hytaý regionyň döwletlerine Orsýetiň teklip edip bilmeýän zatlaryny teklip edýär. Hytaý infrastruktura proýektleriniň köpüsine gatnaşýar. Harytlary has amatly bahadan satýar. Harby taýdan hem Hytaý öz has arzan bahaly tehnikasyny teklip edýär. Soňky 15 ýylyň dowamynda Hytaý Orsýetiň harby tehnikasynyň iri müşderisi bolupdy. Emma soňra ol öz wagtynda satyn alan harby tehnikasyna meňzeş öz önümlerini öndürip başlady. Meselem, häzirki wagtda Hytaý Orsýetiň “Su-30” kysymly istrebitel, gyryjy uçaryna meňzeş, emma öz has arzan bahaly uçary bilen halkara bazarlaryna çykmaga synanyşýar.
XS
SM
MD
LG