Sepleriň elýeterliligi

TI: Korrupsiýa Ýewropa zyýan ýetirýär


Frankfurt maliýe biržasyna, 2011-nji ýylyň 29-njy sentýabry.

Frankfurt maliýe biržasyna, 2011-nji ýylyň 29-njy sentýabry.

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan topar "Transparency International" söwda bilen hökümetleriň arasyndaky ilteşigiň korrupsiýa ýol açyp, Ýewropada ykdysady durnuklylyga zyýan ýetirýändigini aýdýar.

Hökümete degişli däl bu gurama özüniň çarşenbe güni ile ýetirilen hasabatynda "döwlet dolanyşygyndaky gädikleriň" 2011-nji ýylda Ýewropanyň her bir ýurdunda diýen ýaly maliýe we syýasy masgaraçylyklara goşant goşandygyny belläp, duýduryş berýär.

Tutuş Ýewropada korrupsiýa garşy göreşde iň gowşak aktýorlar - syýasy partiýalar, söwdagärler we döwlet işgärleri.

"Transparency International" Ýewropada hiç bir ýurduň korrupsiýa keselinden sap däldigini ýüze çykarandygyny aýdýar. Hasabatda Ýewropada korrupsiýanyň gitdigiçe artmagynyň adamlary aladalandyrýandygy bellenýar.

Barlagda köp hökümetler jemgyýetçiligiň pullary we jemgyýetçilik konraktlary barada ýeterlik jogapkärçilik çekenok diýen netijä gelinýär.

"Transparency International" guramasynyň işgäri, bu hasabatyň taýýarlanmagyna ýolbaşçylyk eden Paul Zoubkowyň aýtmagyna görä, Ýewropada dowam edýän maliýe krizisi korrupsiýa garşy biperwaýlyga tölenýän bahanyň möçberini görkezýär.

Hasabatyň döwlet sektorynyň jogapkärçiliginde bar bolan çynlakaý kemçilikler diýen sanawynda iň ýokary orunlary eýeleýänler özleriniň maliýe problemalary bilen ýewro walýutasyna howp salýan dört ýurt - Gresiýa, Ispaniýa, Italiýa we Portugaliýa.

Zoubkow korrupsiýa bilen ýewro zonasyndaky krizisiň arasynda bar bolan baglanyşygy indi bilmezlige salyp bolmaz diýip netije çykarýar.

"Ýewro krizisinden çykmak üçin korrupsiýa garşy goranyşlarda bar bolan boşluklardan dynmak gerek” diýip, Zoubkow aýdýar. “Öňe hereket edip, jemgyýetçiligiň pulunyň rowaçlygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek syýasatçylaryň çykarýan kararlary we jemgyýetçilik serişdeleriniň nähili sarp edilýändigi barada doly aýanlygy talap edýär”.

Zoubkow şeýle hem 2004-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine goşulan ýurtlaryň korrupsiýa garşy göreşde bolan oňaýly öňegidişliklerden indi yza çekilmeginiň "Transparency International" toparyny aladalandyrýandygyny belleýär.

"Biziň täze agza ýurtlarda ýüze çykaran zadymyz, käbir ýurtlarda, şol sanda Çeh respublikasynda, Slowakiýada we Wengriýada korrupsiýa garşy göreşde bolýan yza tesmeler boldy. Mysal üçin, Wengriýada häkimiýet bölünişigi bilen baglanyşykly problemalary görýäris" diýip, hasabatyň taýýarlanmagyna ýolbaşçylyk eden Paul Zoubkow aýdýar.
XS
SM
MD
LG