Sepleriň elýeterliligi

Türkmen tebigatynyň halyndan habar


Aşgabadyň Botanika bagynda

Aşgabadyň Botanika bagynda

Türkmenistan Tebigaty goramak boýunça halkara gününi daşky gurşawy goramak boýunça konferensiýany geçirmek bilen belledi. Türkmenistanyň milli habar serişdeleri ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça uly iş alyp barýanlygyny we inisiatiwalarynyň halkara derejesinde makullanýanlygyny yzygiderli aýtsalar-da, bu ugurdan bar bolan problemalary gozgaman gelýärler.

Şu günki gün Türkmenistanda tebigata degişli nähili kynçylyklar bar we olar milli derejede nähili çözülýär? Azatlyk Radiosy türkmenistanly ekolog alym Andreý Zatoka bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda tebigaty goramak meselesine döwlet derejesinde üns berlişine siz nähili baha berýärsiňiz?

Ýurduň bilermenleri we synçylary hakyky ýagdaýy görkezmek mümkinçiliginden mahrum edilýärler.

Andreý Zatoka: Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesinde azyndan iki sany agyr problema bar. Birinjiden, tebigatyň ýagdaýyny görkezýän statistiki maglumatlar toplanmaýar, täze sanlar çap edilmeýär. Ikinjiden, tebigata syn etmek üçin maddy-tehniki üpjünçilik gaty könelişdi, käbir halatlarda düýpden ýok diýen ýaly.

Şu günki gün döwletiň tebigatyň ýagdaýy boýunça çap edýän köp bolmadyk statistiki maglumatlary bolsa ýurduň abadançylykly ösüşini görkezýän sanlar hökmünde köpçülige mälim edilýär. Şeýle ýagdaýda ýurduň bilermenleri we synçylary hakyky ýagdaýy görkezmek mümkinçiliginden mahrum edilýärler.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün Türkmenistanda ekologiýa taýdan nähili kynçylyklar bar?

Andreý Zatoka: Iň agyr problema oba hojalygyna degişli. Sebäbi sowet döwründen galan suwaryş usuly topragyň gitdigiçe şorlamagyna getirýär. Statistiki sanlar elýeterli bolan döwründe topragyň şorlamagynyň derejesi takyk sanlar bilen subut edilýärdi. Emma soňky ýyllarda döwletiň ýer önümçiligine uly möçberde ýatyrýan maýa goýumlaryna garamazdan, galla we pagta hasylynyň mukdarynyň azalmagy topragyň şorlamagynyň dowam edýänligini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Ýurtda ekologiýa taýdan ýene problemalar barmy?

Andreý Zatoka: Tebigatyň hapalanmagy bilen bagly ýagdaýa gözegçilik işlerine degişli-de uly kynçylyklar bar. Şu günki gün ýurduň ýapyklygy sebäpli hakyky ýagdaýa baha bermek mümkin däl. Janly-jandarlaryň we ösümlikleriň goralmagyna degişli kynçylyklar hem bar.

Şol bir wagtda-da çöllük ýurt bolan Türkmenistanda ýaşaýyş zolaklarynyň ýerleşmeginiň aýratynlyklarynyň özi ýurduň ýabany tebigatyny abat saklap gelýär, ýagny tebigatyň özi çöldäki haýwanlaryň we ösümlikleriň dürlüliginiň ýitip gitmezligine mümkinçilik döredýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda ýurtda tebigatyň goralmagyna döwlet derejesinde üns berilýänligi we, hususan-da, maliýe serişdeleriniň çykarylýanlygy aýdylýar. Resmi derejede görülýän çäreler näderejede netijeli diýip hasap edýärsiňiz?

“Gyzyl kytabyň” üstünde işlän bilermenler bar ünsüni kitaby bezemek, neşiri owadanlamak işlerine gönükdiripdi.

Andreý Zatoka: Mysallara ýüzlensek, meselem, “Gyzyl kytabyň” nobatdaky sany çapa taýýarlananda muňa pul çykarylypdy. Emma kitabyň üstünde işlän bilermenler bar ünsüni kitaby bezemek, neşiri owadanlamak işlerine gönükdiripdi. Gynansak-da, kitaba girizilen haýwanlaryň we ösümlikleriň soňky ýagdaýyny öwrenmek üçin we täze maglumatlary toplap, kitaba girizmek üçin pul çykarylmandy. Şeýlelikde kitabyň täze sanynda köne maglumatlar, ýagny sowet döwründen galan we milli Ylymlar Akademiýasynyň ýapylmagyndan ozalky çeşmeleriň maglumatlary ulanylypdy. Muny kitabyň mazmunyndan hem görmek mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda tebigaty goramak işi bilen haýsy edaralar meşgullanýarlar?

Andreý Zatoka: Tebigaty goramak boýunça Ministrlik bar. BMG-niň Ösüş programmasy hem ýurtda iş alyp barýar.

Azatlyk Radiosy: Ýurtda tebigaty goramak boýunça jemgyýetçilik guramalary işleýärmi?

Andreý Zatoka: Jemgyýetçilik guramalary ýok diýen ýaly. Ekologiýa boýunça hereket edýän toparlar dargadyldy. Özbaşdak hereket edýän käbir aktiwistler bar, emma grantlar esasynda iş alyp barýan şeýle aktiwistler howpsuzlyk nukdaýnazaryndan özüni köpçülige mälim etmän işlemäge çalyşýarlar.
XS
SM
MD
LG