Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek raýatlary türkmen serhedinden geçirilenok


Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhediniň “Hoja eli” diýlip atlandyrylýan geçelgesinde, 6-nji iýun, 2012-nji ýyl.
Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhediniň “Hoja eli” diýlip atlandyrylýan geçelgesinde, 6-nji iýun, 2012-nji ýyl.
Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhediniň “Hoja eli” diýlip atlandyrylýan geçelgesinde garaşyp duran özbek raýaty, Tahýataş şäheriniň ýaşaýjysy Sapar Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna jaň edip, özlerini türkmen serhetçileriniň Türkmenistana geçirmeýändigini, ir sagatdan bäri şol ýerde saklaýandyklaryny aýtdy.

Sapar: Men Özbegistandan. Tahýataş şäherinde ýaşaýan. Biziň o ýanda garyndaşlarymyz bar, Türkmenistana geçmeli. Şo garyndaşlarymayza geçjek bolsak, geçirmän dur-da bizleri. Bu ýerde adamlar, Özbegistanyň raýatlary geçdi Özbegistanyň granisasyndan. Bärdäki Türkmenistanyň nemesi geçirmän dur. Diňe özüni – türkmenleri geçirip dur-da. Özbegistanyň raýatyny geçirmän dur. Bu ýerde adam köp. 100-150 adamy ortarada hal edip goýdy. Indi geçirmän dur. Oňa aýtsak, “başlygyňa aýdaly” diýsek, başlygyny çagyrmaýar. Kak butda izdewatsýa edip dur-da üstümizden.

Azatlyk Radiosy: Edil şu wagt siz nirede? Şol serhetdemi?

Sapar: Hawa, hawa, häzir iki ortada durus. Türkmen bilen özbegiň arasynda durus.

Azatlyk Radiosy: Haçandan bäri dursuňyz o taýda?

Sapar: Azanda, sagat 9-da geçdik bu ýana. Dokuzdan bäri durus.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň serehet garawullary bir zat soraýarmy sizden? Näme diýýär?

Sapar: “Garaşyň” diýýär. “Garaşyň”. Türkmeniňkini geçirip dur-da. Bizem geçirmän dur.

Azatlyk Radiosy: Sebäp aýdýarmy size? Näme üçin geçirenok, o barada sebäbini aýdýarmy?

Sapar: Ýok, ýok. Diňe geçirmän dur. Bu ýerde bir 100-150 adam dur. Garaşyp, uže nerwnyý bolup gitdi-dä bular.

Azatlyk Radiosy: Siz wiza alyp bardyňyzmy ýa wizasyz girjek bolduňyzmy?

Sapar: Ýok, ýok. Biz wiza alman geçjek bolup durus dört güne, üç güne.

Azatlyk Radiosy: Sizden wiza-ha talap edenokdyr?

Sapar: Ýok, ýok. Wiza talap etmeýär bizden.

Azatlyk Radiosy: Wiza gerekmi size aňryk geçmek üçin?

Sapar: Ýok, ýok. Wiza gerek däl, diňe peçat basýa bu ýana geçene. Çykan wagtynda-da peçat basýa. Bolany. Şoňa sekiz dollar töleýäs, geçýäs.

Azatlyk Radiosy: Ol duňe şu gün bolan wakamy ýa mundan ozalam bolupmydy?

Sapar: Ýok, öňden şuň ýaly bolup dur bul. Öňden, uže bir näçe aý, üç-dört aý bolup gitdi. Günde oçerd, günde oçerd. Ine, häzir bu ýerde adamlar urşup ýatyr, bir-biri bilen. Ine! Urşup otyr. Çagalar, aýallar hemmesi bar bu ýanda. Hemmesi dur. Soldatlar girizenok.
XS
SM
MD
LG