Sepleriň elýeterliligi

Pekin sammitinde howpsuzlyga garalýar


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iki günlük sammitine gatnaşyjylar, Pekin, 6-nji iýun.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iki günlük sammitine gatnaşyjylar, Pekin, 6-nji iýun.

Hytaýyň paýtagty Pekinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iki günlük sammiti başlandy. Onda esasy ünsüň regional howpsuzlyga gönükdirilmegine garaşylýar.

Sammit penşenbe güni tamamlanar. Şol gün Hytaýyň, Orsýetiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň liderleriniň özara deklarasiýa gol goýmaklaryna garaşylýar. Gürrüňi edilýän resminamada 2013-2015-nji ýyllar aralygynda terrorizme, separatizme we ekstremizme garşy bilelikdäki göreşiň şertleri kesgitlener.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bu çäreleriň Şanhaý toparyna “regionda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge” hemaýat berjekdigini aýtdy. Hu Jintao Şanhaý toparynyň “Owganystanyň parahatçylykly ýagdaýda dikeldilmeginde uly rol” oýnajakdygyny hem nygtady.

Orsýetde, Hytaýda we Merkezi Aziýa sebitinde hereket edýän yslamçy söweşiji toparlaryň aglabasynyň düýbi Owganystanda we Pakistanyň tire-taýpalar regionynda ýerleşýär.

Owganystanyň daşary işler ministri duşenbe güni çykyş edip, ýakynda Owganystan-Hytaý özara gatnaşyklarynda “täze tapgyryň” başlanjakdygyny nygtady.

Pekinde geçýän sammitiň dowamynda Owganystana “synçy” statusynyň berilmegine garaşylýar. Şanhaý toparynda häzire çenli Eýran, Pakistan, Hindistan we Mongoliýa synçy derejesine eýe. Mundan öň Owganystan Şanhaý toparynyň “dialog hyzmatdaşydy”.

Hu we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Owganystany onuň täze statusy bilen gutladylar.

Sammitiň dowamynda, hususan-da, Owganystandan 2014-nji ýylyň dowamynda 130 müňlük halkara goşunynyň çykarylmagy meselesiniň üns merkezinde bolmagyna garaşylýar.

Bu maslahata myhman hökmünde Berdimuhamedow hem gatnaşýar, Pekin, 6-njy iýun.

Bu maslahata myhman hökmünde Berdimuhamedow hem gatnaşýar, Pekin, 6-njy iýun.

Orsýetiň prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky wekili Kiril Barskiý Eýranyň entek guramanyň doly agzalygyna kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy. Ol muňa BMG-niň Tährana garşy girizen sanksiýalarynyň böwet bolýandygyny belledi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýrana onuň dawaly ýadro programmasy sebäpli dört tapgyr sanksiýalary girizipdi.

Eýran ençeme ýyllaryň dowamynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak ugrunda tagalla edip gelýär. Sammitiň çäklerinde Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Orsýetiň we Hytaýyň prezidentleri bilen hem duşuşyk geçirer.

Bu maslahata myhman hökmünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Ol şu maksat bilen sişenbe güni Pekine bardy. Bu maslahatyň çäklerinde Berdimuhamedow Hytaýyň lideri Hu Jintao bilen-de gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG