Sepleriň elýeterliligi

IIM-niň S.A.Nyýazow adyndaky instituty


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky institutynda hukuk öwreniş we ýangyna garşy tehnika we howpsuzlyk hünäri boýunca bilim berilýär.

IIM-niň institutynda hukuk, ýörite edaralar, ýangyn-tehniki, içerki goşunlar we başlangyç taýýarlygy we hünäri kämilleşdiriş fakultetleri bar. Olarda şu aşakdaky kafedralar bar:

"Jenaýat hukugy, jenaýat iş ýöredişi we jenaýatnama;
"Operatiw-gözleg işleri";
"Dolandyryş hukugy";
"Kriminalistika we ýörite gurallar";
"Harby okuw taýýarlygy we bedenterbiýe";
"Dünýä tejribesini öwrenmek";
"Döwletiň we hukugyň taryhy taglymaty";
"Raýat hukugy we raýat iş ýöredişi";
"Jeza çärelerini ýerine ýetiriş";
"Düzediş-zähmet hukugy";
"Ýangyn-tehniki";
"Ýangynyň öňüni alyş";
"Ýangyn taktika";
"Icerki goşunlaryň serkerdeleriniň taktiki we terbiýecilik taýýarlygy";
"Harby tehnikalar we awtotaýýarlygy";
"Umumy hukuk";
"Söweşjeň we gulluk taýýarlygy";
"Ýörite taýýarlyk".

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky instituty Aşgabat şäherinde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG