Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň sagçy partiýasynyň metbugat sekretary suda çekilýär


Penşenbe güni Gresiýanyň prokuraturasy ýurduň aşa sagçy “Altyn şapak” atly partiýasynyň metbugat sekretaryny tussag etmek baradaky karar çykardy.

Bu partiýanyň metbugat sekretary Ilias Kasidýaris ýakynda geçirilen parlament saýlawlarynda parlamente deputat saýlanypdy.

Gresiýanyň telewideniýesinde görkezilen irki şou programmasynda Ilias Kasidýarisiň Kommunistik partiýanyň bir agzasynyň ýüzüne şarpyk çalýandygy görkezildi. Mundan daşary, şol programmada onuň çepçi “Syriza” partiýasyndan bir deputatyň üstüne suw serpýändigi-de görkezildi.

“Syriza” partiýasynyň deputaty ýakyn wagtda bu wakalar boýunça aşa sagçy deputat Ilias Kasidýarise garşy sud diňlenişiginiň geçiriljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG